HYYweÖU talyplaryň her ýylky ders bäsleşiklerine gatnaşjaklary bellige alyp başlady

  • 20.11.2024 11:31
  • 2.6k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda talyplaryň her ýylky ders bäsleşiklerine gatnaşjaklary bellige almagyny dowam edýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti aşakdaky ugurlar boýunça:

  • «Häzirkizaman türkmen jemgyýeti»;
  • «Ýöriteleşdirilen iňlis dili»;
  • «Hytaý we Italýan dilleri» ders bäsleşikleriniň dördüsini geçirer.

Intellektual bäsleşikleriň tapgyry 16-njy dekabrdan 20-nji dekabry aralygynda sanly ulgam arkaly geçiriler. Gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy uniwersitetiň saýtynda 12-nji dekabra çenli açykdyr.
Bäsleşikde çykyş etmek isleýänler bir ýa-da birnäçe ders bäsleşiklerine gatnaşmaga haýyşnama bilen ýüz tutup bilerler. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşjak dalaşgärleriň möçberi çäksizdir. Ders bäsleşikleri aýratynlykdaky görnüşde I tapgyrda geçiriler. Resmi dili – türkmen we iňlis dilleridir.
Ders bäsleşiginiň ugruna baglylykda oňa gatnaşyjylar bir, iki ýa-da üç derejelerde çykyş ederler. Ders bäsleşiginiň «Häzirkizaman türkmen jemgyýeti» ugry boýunça gatnaşyjylary umumy toparda bäsleşerler. «Ýöriteleşdirilen iňlis dili» ugry boýunça ders bäsleşigi talyplary ýokary okuw mekdeplerdäki olaryň hünär taýýarlygy ugruna laýyklykda üç bölege bölüner. Birinji bölege tehniki ugurly talyplar, ikinjisine – ynsanperwer, üçünjisine ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça bilim alýan talyplar girer. «Hytaý we Italýan dilleri» ugry boýunça ders bäsleşiginde gatnaşyjylaryň iki topary – dersi öwrenmäge ýöriteleşýän hem-de hytaý diliniň hünär ugruna degişli derse girmeýän toparlar kesgitleniler.
Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler ders bäsleşikleriniň hersi üçin takyk çözgütleri beýan edilen 20 sany test ýumuşlaryny teklip edip bilerler, şolary ders bäsleşiginiň başlanmagyna 10 gün galýança guramaçylyk toparyna ibermelidir.
Goşmaça maglumat üçin:
+99312 398550,
+99365809906
E-mail: iuhdolympiads@gmail.com


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
836

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...