Londonyň “Tottenhemi” klub nyşanyny üýtgetdi

  • 20.11.2024 11:01
  • 6.5k+

Londonyň “Tottenhemi” nyşanyny üýtgedip, ondan klubuň adyny aýyrdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

“300-den gowrak oýunçynyň, işgärleriň we janköýerleriň gatnaşmagynda döredilen täze nyşan klubuň brendine onuň görkeziljek platformalarynda has şähdaçyk we batyrgaý çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Dünýä belli bolan horaz häzir öňküsinden has buýsançly görünýär. Biz egri “Tottenhem Hotspur” tekstini aýyrdyk. Bu klubuň nyşanynyň gerimini artdyrmaga we oňa hakyky nyşan hökmünde buýsanmaga mümkinçilik berer” – diýlip, “Tottenhemiň” metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

11 tapgyrdan soň “Tottenhem” Angliýanyň premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde onunjy orny eýeleýär. Ange Postekoglunyň topary 16 utuk gazandy – bäş ýeňiş, bir deňme-deňlik, bäş ýeňliş. “Liwerpul” häzirki wagtda öňde barýar. Onuň hasabynda 28 utuk bolup, ikinji orunda gelýän “Mançester Sitiden” 5 utuk öňdedir.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......