Porsche Hytaýdaky sergide özüniň täze awtomobillerini hödürledi

  • 19.11.2024 18:23
  • 7.4k+

Porsche kompaniýasy Guançžoudaky Halkara awtosalonda özüniň täze modellerini – 718 Boxster, 911 Targa 4 GTS, Cayenne, Macan, Panamera, Taycan 4 we 911 Turbo 50 Years edition awtomobillerini görkezdi.


Porsche 718 Boxster 
Bu iki orunlyk rodster sport awtomobiliniň dinamikligini we ajaýyp dizaýny özünde jemleýär. 2024-nji ýylyň modeli birnäçe wersiýada hödürlendi. Iň kiçi wersiýa 300 a.g. kuwwatly 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi, iň kuwwatlysy – 718 Boxster GTS bolsa 400 a.g. kuwwatly 4,0 litrlik alty silindrli atmosfera hereketlendirijisi bilen üpjün edildi.


Porsche 911 Targa 4 GTS 
Model ýokary öndürijilik bilen klassyky Targa stilini utgaşdyrýar. Awtomobil umumy kuwwaty 541 at güýjüne barabar bolan 3,6 litrlik turbo hereketlendirijisiniň we elektrik hereketlendirijileriniň esasynda gibrid gurluşa eýe boldy.


Porsche Cayenne
Model dürli görnüşlerde elýeterli. Esasy wersiýa 353 a.g. kuwwatly 3,0 litrlik V6 turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Cayenne S görnüşi 474 at güýjündäki V8 hereketlendirijisini aldy. Şeýle-de, elektrik režimde 90 km çenli geçýän menzili bilen Cayenne E-Hybrid hödürlendi.


Porsche Macan
Bu elektrik krossoweri 800 wolt arhitektura bilen PPE platformasyny ulanýar. Ol 408 at güýjünden 639 at güýjüne çenli kuwwatly we 520 km çenli geçýän menzili bilen iki görnüşde elýeterlidir.


Porsche Panamera
Üçünji nesil modeli 353 at güýjüni berýän 2,9 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen hödürlendi. Şeýle-de, E-Hybrid gibrid görnüşi elýeterlidir.


Porsche Taycan 4
Taycan-yň bu doly herekete getirijili wersiýasy 320 kWt çenli kuwwatly batareýa eýe bolup, WLTP ülňüsi boýunça 643 km çenli menzili geçýär. Awtomobiliň iň ýokary tizligi sagatda 230 km bilen çäklenýär.


Porsche 911 Turbo 50 Years edition
Porsche 911-iň 50 ýyllygy mynasybetli çykarylan model 650 at güýjündäki hereketlendiriji bilen üpjün edilip, 2,7 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar. Iň ýokary tizlik sagatda 330 km barabar.


düýn 08:16
2.7k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....