Apple telewizor bazaryna çykmaga synanyşýar: kompaniýa öz önümini taýýarlamaga girişdi

  • 19.11.2024 14:46
  • 2.6k+

On ýyldan gowrak wagt dowam eden arakesmeden soň Apple ýene-de öz telewizoryny işläp taýýarlamaga girişdi. Bu kompaniýanyň 2009-2011-nji ýyllardaky şowsuz synanyşygyndan soň, telewizor bazaryna çykmak üçin ikinji synanyşygydyr. Bu barada insaýder we Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurmana salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär.

Gurmanyň aýtmagyna görä, Apple öz brendi bilen akylly öý üçin täze gurluşlaryň hataryna girip biljek telewizory döretmek pikirine “baha berýär”. Ýöne taslama heniz örän irki tapgyrda, şol sebäpli onuň önümçilige goýberilmegi üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler.
Eger Apple telewizory üstünlikli işe girizilse, bu kompaniýanyň öňünde telewizor bazarynda bäsleşmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Häzirki wagtda Apple diňe telewizora birikdirilýän Apple TV konsolyny hödürleýär.
Apple telewizorynyň kompaniýanyň gurluş ekoulgamy bilen birleşmegine we premium dizaýna eýe bolmagyna garaşylýar. Ýöne kompaniýanyň displeý, funksiýa we baha taýdan beýleki telewizion brendler bilen nähili bäsleşjekdigi belli däl.
Apple-i esaslandyryjylaryň biri Stiw Jobs ozal ýönekeý ulanyjy interfeýsi bilen telewizor döretmek isleýändigini aýdypdy. Ýöne 2010-njy ýylda Apple-iň şol wagtky baş operasion müdiri we häzir baş müdiri Tim Kuk kompaniýanyň bu bazara gatnaşmaga gyzyklanma bildirmeýändigini aýtdy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....