Hindistan smartfon eksportyny görlüp-eşidilmedik derejede - 70% ýokarlandyrdy

  • 19.11.2024 13:18
  • 4.5k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Hindistandan smartfon eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 70 göterim ýokarlanyp, rekord goýdy. Bu barada Hindi öýjükli aragatnaşyk birleşiginiň (ICEA) maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, oktýabr aýynda iberiliş iki milliard dollardan geçip, 2024-nji ýylyň maý aýyndan 23 göterim, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bolsa 70 göterim ýokarlandy.
Bu üstünlik global ykjam enjam üpjünçiliginiň zynjyrynda möhüm "oýunçy" hökmünde Hindistanyň ösmegini görkezýär. Hindistanyň smartfon eksporty şu maliýe ýylynda 10,6 milliard dollardan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37 göterim köpeldi.
Iberilişleriň köpelmegine esasy goşant “Apple” we onuň hyzmatdaşlary, “Foxconn”, “Pegatron” we “Tata Electronics” ýaly smartfonlar tarapyndan edildi. Hindistanda ýerleşýän bu kompaniýalar önümçiligini we önümlerini halkara bazarlaryna eksport etmegi dowam etdirýärler diýip, rambler.ru ýazýar.


18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....