Bitkoin häzirki aýlawynda 200 müň dollara çenli ýokarlanar - BCA Research

  • 19.11.2024 13:15
  • 4k+

Kanadanyň maýa goýum gözleg kompaniýasy "BCA Research-yň" analitikleri häzirki bazar aýlawynda bitkoiniň bahasynyň 200 müň dollara çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. "Coindesk-iň" çaklamalaryna görä, häzirki depgine garamazdan, bitkoiniň bahasy 90 000 dollar bilen deňeşdirilende, iki esse ýokarlanyp biler diýip ýazýar.

Bu çaklama sanly walýutanyň nyrhynyň üýtgemegine baha berýän görkeziji bitkoiniň “260 günlük fraktal çylşyrymlylygy” seljermesine esaslanýar. Bu görkeziji 1,20 - başlangyjyndan ep-esli ýokary galyp, pes nyrhlarda öküz bazarynyň (бычьего рынка - maliýe bazarlarynda aktiwleriň bahasynyň (paýnamalar, harytlar, gozgalmaýan emläk we ş.m.) yzygiderli ýokarlanýan döwrüni beýan etmek üçin ulanylýan adalga) ýokary derejesini görkezýär. Analitikler bu gezek şu derejeden aşak düşmegiň 200,000 dollardan gowrak bahalara deň bolup biljekdigini çaklaýarlar.

"Bitkoiniň saýlaw bilen baglanyşykly ýörişine garamazdan, 260 günlük kynçylygy entek başga bir "kripto gyşynyň" başlanandygyny görkezýän 1,2 derejä ýetmedi" diýip, BCA Research beýan etdi. 14-nji noýabrda çap edilen gözleg belliginde kompaniýa gurluşlaýyn ýokarlanmanyň dowam edýändigini aýtdy.

"BCA Research" bilermenler toparynyň pikiriçe, bitkoiniň tor täsiriniň gymmaty ep-esli ösüş mümkinçilige eýe bolup, global baýlygyň artmagy bilen altyn we bitkoin ulgamyň täsiriniň gymmaty hem ýokarlanar.

“Altyn we bitkoin meselesinde olaryň tor täsiri, pul ulgamynda eýe bolup biljek konfiskasiýa edilmeýän serişdelerdigi baradaky köpçülikleýin ynam bilen ýüze çykýar. Jemi baýlygyň belli bir böleginiň bu maliýe däl serişdelere giperinflýasiýa, bank ulgamynyň çökmegine ýa-da hökümetiň emlägine garşy ätiýaçlandyryş hökmünde saklanmalydygy aýdylýar.

“Bloombergiň" belleýşi ýaly, hepdäniň ahyrynda bitkoin ABŞ-da geçirilen saýlawdan bäri 3% töweregi pese gaçyp, iki günlük iň uly yza çekilişini görkezdi. Duşenbe güni onuň bahasy 92,530 dollardan geçip, ösüşe gaýdyp geldi, ýöne bu habar taýýarlanýan wagty (19-nji noýabr, 12:25 Aşg.) "Binance" kripto walýuta biržasynda 91 750 dollar bilen söwdalaşýar.
Analitikler bitkoin dinamikasyna täsir edýän ýagdaýlaryň arasynda wadalaryň wagtynda ýerine ýetirilmezliginiň bolup biljekdigini belleýärler. Ol ABŞ-nyň prezidenti saýlanan Donald Trampyň kriptografik walýuta goldawyny berjekdigi baradaky wadalary bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, syýasatçy kriptografik walýuta üçin dostlukly kadalaşdyryjy binýady döretmegi, bitkoinleriň strategiki ätiýaçlygyny döretmegi we ABŞ-ny bu pudak üçin global merkeze öwürmegi wada berdi diýip, ru.investing.com ýazýar.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...