GAC-Toyota Guançžouda hytaýly müşderilere niýetlenen täze awtomobillerini hödürledi

  • 19.11.2024 11:54
  • 4.9k+

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň Guançžou şäherindäki awtosalonda özüniň soňky awtomobillerini hödürledi. Görkezilen awtoulaglar, şol sanda gibridler, elektromobiller we benzin modelleri Hytaý bazary üçin uýgunlaşdyryldy.


Konsern myhmanlara dördünji nesil Toyota Alphard miniwenini görkezdi. Awtomobil 2,5 litrlik A25A-FXS benzin hereketlendirijili gibrid güýç gurluşy, şeýle-de e-CVT bilen üpjün edildi. Ulgamyň umumy kuwwaty 250 at güýjüne barabar.


Toyota Camry
 2,0 litrlik atmosfera benzin hereketlendirijisini alan wersiýada, şeýle-de Mild Hybrid tehnologiýasy bilen 2,0 we 2,5-litrlik hereketlendirijilere esaslanýan gibrid gurluşlar bilen elýeterlidir.


GAC-Toyota bZ3X krossoweri kuwwaty 204 at güýji bolan (150 kWt) elektrik hereketlendirijisini aldy. Herekete getiriji – öňdäki. Iň ýokary tizlik sagatda 160 km barabar.


Toyota Bozhi 4X elektrokrossoweri iki elektrik hereketlendirijisi bolan doly herekete getiriji ulgam bilen tapawutlanýar. Ol 7,7 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizlik sagatda 160 km barabar.


Lýuks ykjam krossoweri Toyota Harrier birnäçe güýç gurluşy bilen hödürlenýär: 171 a.g. kuwwatly 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi ýa-da 178 a.g. kuwwatly 2,5 litrlik gibrid gurluş. Hytaýda bu model Aggressive, Luxury we Premium Edition ýaly birnäçe komplektasiýada hödürlenýär.


Uly maşgala miniweni Toyota Sienna öňdebaryjy tehnologiýalary, ýokary derejede rahatlygy we kämilleşdirilen dinamiki aýratynlyklary özünde jemleýär.


5 orunlyk orta göwrümli krossower Toyota Venza wariator (CVT) bilen bilelikde işleýän 171 a.g. kuwwatly 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisini ýa-da elektromehaniki wariator e-CVT bilen üpjün edilen, umumy kuwwaty 297 a.g. bolan 2,5 litrlik içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň esasynda gibrid gurluşy hödürleýär.

GAC-Toyota – bu Hytaýyň GAC Group kompaniýasy bilen Toyota ýapon konserniniň bilelikdäki kärhanasy. Ol 2004-nji ýylda döredildi we şol wagt Guangzhou Toyota adyny göterýärdi. Häzirki adyny kärhana 2008-nji ýylyň dekabrynda aldy. Zawod Toyota awtomobillerini Hytaýyň bazary üçin çykarýar.


düýn 23:03
542

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......