Samsung üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar. Ol 2025-nji ýylda peýda bolar

  • 19.11.2024 11:19
  • 3.1k+

Ilkinji üç eplenýän smartfon Huawei Mate XT-niň çykmagy Samsung kompaniýasyna innowasiýalary ornaşdyrmagy çaltlaşdyrmaga iterýär.

Günorta Koreýa ägirdi üç eplenýän düzüt bilen öz smartfonyny döretmegiň üstünde işleýär. Onuň çykmagy 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär diýip, ET News çeşmesine salgylanyp, Android Headlines (AH) neşiri habar berýär.
Täze önüm gurluşy içine eplemäge mümkinçilik berýän mehanizm bilen tapawutlanar. Soňky maglumatlara görä, Samsung-yň gurluşy iki tarapdan eplenip, açylan görnüşde ekranyň ölçegini 9-10 dýuýma çenli artdyrar.
Gajetiň dizaýny şu aýyň ahyryna çenli tamamlanar.
Smartfon has inçe profil bilen eplenýän smartfonlary hödürlän Vivo we Honor ýaly hytaýly öndürijiler tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmeginiň esasynda işlenip düzülýär.
Bu gurluş işlemek we multimedia üçin täze mümkinçilikleri berip biler. Smartfonyň aýratynlyklary we bahasy barada häzirlikçe maglumat ýok. 


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...