Belli brend Casio sagat görnüşinde ilkinji smart-ýüzügini çykardy

  • 19.11.2024 08:18
  • 4.7k+

Elektron gurluşlaryny öndüriji kompaniýa Casio brendiň goşar sagatlarynyň kiçijik görnüşine meňzeýän ilkinji akylly ýüzügi CRW-001-1JR-i çykardy. Waka Casio-nyň sanly sagatlaryň bazaryna çykmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlandy.

Aksessuaryň göwrümi bir dýuýma-da ýetmeýär diýen ýaly, muňa garamazdan ýüzükde sagatlary, minutlary we sekuntlary görkezýän doly derejeli LCD ekrany ýerleşdi. 
Şeýle-de, ýüzügiň goşmaça funksiýalary dolandyrmak, mysal üçin, senäni ýa-da wagty başga bir wagt guşaklygynda görkezmek, sekundomeri we taýmeri dolandyrmak üçin üç sany düwmesi bar.
Ýüzük sagadynyň ekrany yşyga we budilnik funksiýasyna hem eýe boldy (ses signalynyň deregine displeýiň özi ýanýar).
Aksessuar, Casio-nyň aýtmagyna görä, suw geçirmeýän gurluşyň iki ýyl işlemegini üpjün etjek bir batareýadan iýmitlenýär. Batareýany zarýady gutaran ýagdaýynda çalyşmak bolar.
CRW-001-1JR ýüzügi hemişelik US 10.5 ölçegi bilen hödürlenýär, şol sebäpli eger barmaklar bu ölçegden uly bolsa, ýüzügi dakynmak mümkin bolmaz.
Sagatlar şu ýylyň dekabr aýynda ýapon bazarynda satuwa çykar. Bahasy – 19 800 ýena (takmynan, 128,38 dollar).

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....