Hytaýda Volkswagen-iň düýbünden täze awtomobilleri hödürlendi: Viloran, Tayron L, Talagon

  • 19.11.2024 08:14
  • 5.2k+

Volkswagen kompaniýasy Guançžoudaky abraýly awtosalona meşhur modelleriniň täzelenen wersiýalaryndan başga-da, birnäçe düýbünden täze awtomobilini getirdi. Olaryň hatarynda Viloran, Tayron L, Tavendor, Talagon, Magotan, şeýle-de konseptual ID.Code we doly elektrik ID.4 X, ID.BUZZ, ID.Unix bar.


Volkswagen Viloran 
– bu MQB platformasynda döredilen ýedi orunlyk miniwen bolup, 186 we 220 at güýjüni berýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ol öňdäki herekete getirijä we 7 basgançakly “robota” eýe boldy.


Täze Volkswagen Tayron L krossoweri Tiguan-yň ornuny eýeläp, bäş ýa-da ýedi orunlyk konfigurasiýada hödürlenýär. Kuzowyň uzynlygy 4684 mm. Esasy wersiýa 1,5 litrlik EA211 hereketlendirijisi (160 at güýji) bilen üpjün edildi. Şeýle-de, 2,0 litrlik EA888 enjamy (220 at güýji) elýeterli.


Tavendor
 modeli Teramont X-e alternatiwa hökmünde kesgitlenýär. Onuň uzynlygy 4936 mm, hereketlendirijileriň kuwwaty – 186 ýa-da 220 at güýji.


Talagon
 kuzowyň 5152 mm uzynlygy bilen kompaniýanyň iň uly krossoweri boldy. Model üçin üç benzin hereketlendirijisi, şol sanda 299 at güýjüni berýän V6 elýeterli.


Magotan
 ýewropa Passat-yna esaslanýar. Uzynlygy 4990 mm bolan awtomobil 1,5 ýa-da 2,0 litrlik turbo hereketlendirijileri, öňdäki herekete getiriji we 7 basgançakly DSG gutusy bilen üpjün edildi.


ID.4 X 
elektrik krossoweri 550 km çenli menzili we 313 at güýjüne çenli kuwwaty hödürleýär.


ID.Code
 – dördünji derejeli awtonom dolandyryş goldawyna eýe bolup, awtomobile bellibir şertlerde sürüji gatnaşmazdan hereket etmäge mümkinçilik berýän konsept-kar.


ID.BUZZ
 – 7 ýolagça niýetlenýän elektrik miniweni. Geçýän menzili – 400 km çenli. Elektromotoryň kuwwaty 204 at güýjüne barabar, akkumulýator – 77 kWt/sag. Iň ýokary tizlik – 145 km/sag.


Ykjam ID.Unix kupe-krossoweri – täze ID.UX seriýasynyň ilkinji modeli. Volkswagen Anhui bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Göwrümi 4663x1860x1610 mm, tigir bazasy 2766 mm. Yzky herekete getiriji bilen bir motorly wersiýa 170 kWt kuwwatly (231 at güýji) elektrik hereketlendirijisine eýe boldy. Doly herekete getiriji bilen iki motorly wersiýa 80 kWt (109 at güýji) öňdäki, 170 kWt (231 at güýji) yzky elektrik hereketlendirijisini aldy, umumy kuwwat – 250 kWt (340 at güýji). Bir motorly wersiýa üçin geçýän menzili 621 km, iki motorly üçin 565 km barabar. 


27.04.2026 11:35
1.8k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

16.04.2026 19:09
13k+

BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy....

14.04.2026 14:41
1.7k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

30.03.2026 15:52
4.3k+

Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary

Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag......