Türkiýede V asyra degişli adaty bolmadyk tumar tapyldy

  • 19.11.2024 11:47
  • 4.4k+

Gadymy Adrianopolis şäherinde (Türkiye) geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda arheologlar V asyra degişli tumar tapdylar. Artefaktyň ýüzünde Süleýman pygamberiň şeýtany naýza bilen parçalaýan pursady şekillendirilýär diýip, Arkeonews ýazýar.

Tumar Wizantiýanyň irki döwründe ýasalypdyr. Onuň bir tarapynda: "Rebbimiz ýamanlygy ýeňdi" diýen ýazgy bar. Beýleki tarapynda Ezraýyl, Jebraýyl, Mikail we Israfil ýaly perişdeleriň atlary bar.
Barlaglaryň ýolbaşçysy, dosent Ersin Çelikbaş tapyndylaryň sebit üçin özboluşlydygyny aýtdy. Bu dünýäde tapylan şeýle tumarlaryň ikinjisidir, birinjisi Ierusalimden tapyldy. Kulonda şekillendirilen Süleýman üç esasy monoteist dinleriň hemmesinde hormatlanýar. Iudaizmde we hristiançylykda ol patyşa we akyldar, yslamda bolsa pygamber we hökümdar hasaplanýar.
Tumaryň döredilen senesi ýazgylar we stratigrafiki derňewler esasynda kesgitlendi. Arheologlar şeýle tapyndylaryň Anadolynyň dini we medeni taryhy baradaky bilimleri ep-esli giňeldip biljekdigini nygtaýarlar. Hususan-da, taryhçylar bu tapyndynyň giçki halkolit döwrüniň iri ilatly ýeri bolan Adrianopolisiň harby taryhy, Rim hökümdarlygy we Wizantiýanyň irki döwri bilen baglanyşyklydygyny bellediler. Ozal bu ýerde Rim we Wizantiýa atlylarynyň bardygyny görkezýän subutnamalar tapyldy. Süleýman pygamber goşun serkerdesi bolup, goragçy hökmünde hormat goýlupdyr. Megerem, onuň keşbiniň harby maksatlar üçin ulanylmagy şu sebäpli bolsa gerek.


şu gün 19:49
659

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......