Guançžou awtoulag sergisinde sedana öwrülip täzelenen Audi A5 ilkinji gezek çykyş etdi

  • 18.11.2024 06:31
  • 6k+

Guançžou awtoulag sergisinde Audi A5 modeliniň täze modifikasiýasyny - A5L-iň uzaldylan görnüşini hödürledi. Awtoulag sedanyň kuzowynda ýerine ýetirilip, hytaýly sarp edijiler üçin uýgunlaşdyrylandyr.

Audi-niň ýerli bazarlaryň isleglerini göz öňünde tutýan modeli ilkinji gezek döredişi däl. A5L, Hytaý üçin niýetlenen A7-de bolşy ýaly, özboluşly wersiýalary ösdürmek däbini dowam etdirýär.
Model kuzowy bilen tapawutlanýar: ýewropaly alyjylara tanyş liftbegiň ýerine sedanyň nusgawy görnüşi hödürlenýär. Ulaldylan teker bazasy ikinji hataryň ýolagçylary üçin giňişligi artdyrýar.
A5L-iň ölçegleri we satuwynyň başlanjak senesi entek yglan edilmedi.


şu gün 08:11
1.1k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......