Apple 13 ýyldan soň Final Cut Pro wideo redaktorynyň ilkinji täzelenmesini hödürledi

  • 18.11.2024 06:20
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy özüniň Final Cut Pro 11 wideo redaktorynyň programma üpjünçiliginiň täze wersiýasyny hödürledi. Bu 2011-nji ýylda öňki wersiýasy çykandan bäri programmanyň ilkinji möhüm täzelenmesi boldy diýip, GSMArena belleýär.

Täze wersiýa emeli aň, şeýle hem giňişlikdäki wideo bilen işlemek üçin birnäçe gural aldy.
Esasy täzelikler:
Magnetic Mask - adamlary ýa-da obýektleri, ýaşyl ekrany ulanmazdan, kadrdan awtomatiki izolirlemäge mümkinçilik berýän guraldyr.
Transcribe to Captions – Apple-iň dil modelini ulanyp, awtomatiki subtitrleri  döredýän aýratynlykdyr.
Smart Conform - inedördül ýa-da dik formatda taslamalaryň sosial media wersiýalaryny aňsatlyk bilen döretmäge mümkinçilik berýär.
Giňişlikdäki wideo redaktirlemesi - RF-S7.8mm F4 STM DUAL obýektiwi bilen jübütlenen iPhone 15 Pro, iPhone 16 ýa-da Canon R7 kameralarynda düşürilen wideolary gaýtadan işlemegi goldaýar. Ulanyjylar giňişlikdäki wideony import edip, effekt goşup, reňkini sazlap we çuňlugynyň ýagdaýyny sazlap bilerler.
Wideonyň ýa-da hereketsiz suratlaryň reňkini, reňk deňagramlylygyny, kontrastyny we ýagtylygyny awtomatiki gowulandyrmak üçin ýagtylygy gowulandyrmak we täze öwüşginler.
Akgynly haýal wideo düşürmek funksiýasy, mümkin boldugyça iň gowy hilli hereketi surata almak üçin wideo kadrlaryny döretmäge we kebşirlemäge mümkinçilik berýär.
Gepleşigi gowulandyrmak we sesiň derejesini optimizirlemek, şeýle hem meýdan şertlerinde ýazgy edilende ses ýazgysyndan fondaky galmagaly azaltmak üçin ses izolýasiýasy.
Täze Final Cut Pro 11  ähli macOS Sonoma-ly we azyndan 8 Gb RAM-ly ähli Mac -larda işleýär. Käbir funksiýalar Apple Silicon prosessoryny talap edýär.
Final Cut Pro 11 öňki wersiýalarynyň mugt täzelenmesi hökmünde elýeterlidir. Noldan satyn almak bir gezeklik töleg bilen 299 dollar bolar. Täze ulanyjylar üçin 90 günlük synag elýeterlidir.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...