2025-nji ýylda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşini geçirmek meýilleşdirilýär

  • 18.11.2024 06:06
  • 2.3k+

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Beýik Britaniýanyň wekili - Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda hanym Çiji Beýik Britaniýanyň Gazagystanda we Özbegistanda ýokary bilim ulgamynda gazanan netijeli tejribesi bilen paýlaşdy. Ol, Westminster uniwersiteti ýaly birnäçe britan uniwersitetleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Orta bilimde türkmen bilim edaralaryny akkreditasiýa etmek arkaly bilim hyzmatlaryny hödürlemek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Çiji bu hereketleriň goňşy ýurtlarda nähili üstünlikli durmuşa geçirilendigini giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga-da, hanym Çiji indiki ýylyň başynda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we onuň çäklerinde bilim meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şeýle hem, hormatly myhman Beýik Britaniýanyň her ýylyň maý aýynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degişli has jikme-jik gepleşikleriň geçirilmegine isleg bildirýändigini belläp geçdi.
Azat Ataýew öz gezeginde, agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlaryna gyzyklanma bildirip, bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda başlangyçlaryň goldanylýandygyny mälim etdi. Bu özara hyzmatdaşlygyň tapgyrlaýyn we yzygiderli amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Taraplar bu ugurda ilkinji ädim hökmünde bilelikdäki webinarlary guramagyň mümkinçiliklerine garalmagyny ylalaşdylar. Bu webinarlar, Beýik Britaniýanyň bilim ülňülerini, akkreditasiýa we ygtyýarnama almak bilen bagly hereketleriň toplumyny, şeýle hem hiliň barlagy tejribesini jikme-jik öwrenmäge gönükdiriler diýip, Bilim ministrliginiň resmi saýtynda aýdylýar.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......