Altynyň bahasy dowamly ösüşden soň rekord pese gaçyşy görkezýär

  • 17.11.2024 19:57
  • 10k+

Altynyň bahasy soňky hepdelerde ep-esli pese gaçyşy görkezýär. Altyn üçin fýuçersler anna güni söwda sessiýasyny unsiýa (agram ölçeg birligi, 1 unsiýa = 28,3495 gram) üçin 2.566 dollar derejesinde tamamlady, bu bolsa soňky iki aýda iň pes görkezijidir. Bir hepdäniň dowamynda gymmatly metal bahasynyň, takmynan, 4%-ini ýitirdi, noýabr aýynyň başyndan bäri bolsa pese gaçyş 8%-den gowrak boldy.

Şeýle pese gaçyş 2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri iň ýaramaz hepdelik görkezijidir. Belläp geçsek, noýabr aýyna çenli altyn yzygiderli gymmatlap,  rekord derejelere ýetdi.
Pese gaçyşyň esasy şertleri ABŞ-da dollaryň berkemegi we Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FÄU) häzirki göterim goýumlaryny saklamagyna garaşmalar boldy.
Içerki bazarda altynyň gramy 2.839 lira, altynyň dörtden bir bölegi bolsa 4.664 lira boldy. Bu üýtgeşmeler gymmat bahaly metallaryň bahalarynyň global üýtgeýän döwründe bolup geçýär.
FÄU-nyň başlygy Jerom Pauell ýakynda eden çykyşynda ýakyn wagtda goýumlary azaltmagyň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy. Ol ykdysadyýetiň durnuklylygyny, zähmet bazarynyň güýjüni we inflýasiýanyň durnukly derejesini belläp geçdi. Bu dekabr aýynda göterim goýumlarynyň azalmak ähtimallygyny 80%-den 58%-e çenli peseltdi.
Syýasatda garaşylýan özgertmeler hem möhüm rol oýnaýar. Prezident Donald Trampyň ikinji möhletiniň inflýasiýa täsir etmegine we FÄU-nyň pul syýasatynda çeýeligini çäklendirmegine garaşylýar.

şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......