Magtymguly hakynda düşürilen türkmen-özbek filmi "Gorkut ata" kinofestiwalynyň ýeňijisi boldy

  • 17.11.2024 18:05
  • 8.7k+

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady.

Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi geçirildi. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç hem guraldy.
Günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 
Soňra festiwala gatnaşyjylary «Türki medeniýete goşan goşandy üçin» halkara baýragy bilen sylaglamak üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew sahna çykdy.
Şunlukda, «Durna guşy» baýragyna:

  • Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti N.Allaberdiýew mynasyp boldy;
  • Gazagystan Respublikasyndan «Kazakfilm» kinostudiýasynyň kinorežissýorlar bölüminiň başlygynyň orunbasary S.Tekeýew;
  • Gyrgyz Respublikasyndan artist A.Nazarkulowa;
  • Türkiýe Respublikasynyň «Nilay Production» kompaniýasynyň prodýuser-režissýory E.Konuk;
  • Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Kinematografiýa agentliginiň başlygy Ş.Rizaýew türki medeniýete goşan goşandy üçin «Durna guşy» baýragy bilen sylaglandylar;
  • Gyrgyz Respublikasyndan halypa kinematograf M.Musaýew bolsa TÜRKSOÝ-nyň ýörite baýragy bilen sylaglanyldy.

Dabara gatnaşyjylara «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşan dokumental filmler görkezildi.
«Iň gowy dokumental film» ugry boýunça 3-nji orna Gazagystanyň «Şemalyň başlaýan ýeri» filminiň döredijilik topary, 2-nji orna Türkiýäniň «Waweýla» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Bu ugurdaky bäsleşikde 1-nji orna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen «Äleme belgilidir» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň «Monisto» we Özbegistanyň «Sag baryp, aman gaýdanlar» atly dokumental filmleri «Durna guşy» baýragy bilen sylaglanyldy.

Soňra tomaşaçylar kinofestiwala gatnaşan çeper filmler bilen tanyşdyryldy.
Çeper filmler boýunça «Iň gowy zenan keşbi» baýragyny gyrgyzystanly kinorežissýor Ž.Ozbekowa «Kompozitor» atly filmde iň gowy zenan keşbini ýerine ýetiren, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti D.Meläýewa gowşurdy. «Beýik sähranyň daňy» atly filmde surata düşen, Gazagystan Respublikasyndan teatr we kino artisti D.Urazaýewe «Iň gowy erkek keşbi» baýragyny «Kuruluş Osman» türk kinoserialynyň artisti Al Jelal gowşurdy. «Iň gowy ssenariýa» baýragyna Gyrgyz Respublikasynyň «Ýalňyşlyk 404» atly filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Baýragy Türkiýe Respublikasynyň «Nilay Production» kompaniýasynyň artisti A.Çoban gowşurdy. «Gyrgyzfilm» agentliginiň başlygy A.Bekbolotow «Doktor Sadyk Ahmet» atly filmiň kinorežissýory Ý.Hakana «Iň gowy režissýor» baýragyny gowşurdy.
Soňra «Iň gowy çeper film» ugry boýunça ýeňijiler sahna çagyryldy.
Özbegistan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly filminiň döredijilik topary «Iň gowy çeper film» baýragy bilen sylaglanýar. Filmiň režissýory M.Erkinowa (Özbegistan) hem-de Türkmenistanyň halk artisti Ç.Berdiýewe «Durna guşy» baýragy gowşuryldy.
Soňra Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň döredijilik toparyna eminleriň ýörite baýragy gowşurylýar.


şu gün 10:55
165

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......