Ýuwaş ummanda 300 ýyl bolan ullakan merjen tapyldy: onuň göwrümi gök kitden-de has uly

  • 17.11.2024 17:30
  • 9.5k+

Ýuwaş ummanynyň günorta-günbatarynda alymlar ylma mälim bolan iň uly merjeni tapdylar. Oňa üç asyrdan hem gowrak wagt bolan bolmagy mümkin. Tapylan merjeniň göwrümi gök kit bilen deňeşdirilip bilner: onuň ini 34 metre, uzynlygy bolsa 32 metre, beýikligi-de 5,5 metre ýetýär diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Äpet merjen Süleýman adalaryna ekspedisiýa wagtynda "National Geographic" gämisinde işlän wideo operator Manu San Feliks tarapyndan tapyldy. Ekspedisiýa howanyň üýtgemeginiň täsirlerini öwrenmek üçin Ýuwaş ummanynyň has uzak ýerlerine baryp gördi.
San Feliks: "Kartanyň gämi heläkçiliginiň bardygyny aýdýan ýerinde suwa çümýärdim, soňra şol ýerde bir zatlar gördüm" diýip aýdýar. Ol ýoldaşyny çagyrandygyny we suwa çümüp barýarkalar bu ägirt uly zady görendiklerini aýtdy.


Tapyndy “Pavona clavus” görnüşiniň agzasy bolup, gysga, gyrgyç we balyk ýaly dürli deňiz jandarlarynyň mekanydyr. Alymlar merjeniň milliardlarça merjen poliplerinden - rifleri, ýagny gaýalary emele getirýän ownuk organizmlerden ybaratdygyny bellediler.

“Men suw astyndaky ybadathanany açan ýaly boldum. Bu örän duýgylandyryjy. Bir ýerde galyp hem-de ýüzlerçe ýyllap diri zada uly hormat goýdum" diýip, wideo operator belleýär.

Hünärmenler merjeniň sagdyn we janly reňklere eýedigini bellediler. Gözlegçileriň pikiriçe, tupan ýygy-ýygydan ýüze çykýan ýerlerden uzakda ýerleşýändigi sebäpli, organizm uzak wagtlap ýaşap biler diýip, daily.afisha.ru ýazýar.

şu gün 20:14
458

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 20:02
262

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

şu gün 19:56
1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

şu gün 19:53
332

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......