Dünýäde gibrid we elektrik awtomobilleriň satuwy 35% ýokarlandy

  • 16.11.2024 07:41
  • 4.3k+

Oktýabr aýynda birikdirilýän gibrid we doly elektrik awtomobilleriň global satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Ösüşe iň uly goşant goşan Hytaý bolup, bu ýerde şeýle modelleriň satuwy 54% ýokarlandy diýip, Rho Motion gözleg kompaniýasy habar berdi.

Ýewropada satuw 0,8% ýokarlandy, bu ýyllyk aňlatmasynda ösüşiň ikinji aýydyr.

“Biz sebitde ýylyň üstünlikli tamamlanmagyna garaşýarys” – diýip, maglumatlar boýunça menejer Çarlz Lester Reuters agentligine aýtdy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, oktýabr aýynda dünýäde 1,72 mln elektromobil we gibrid satyldy. Hytaý 1,2 mln awtomobil möçberinde rekord satuwa ýetdi. ABŞ-da we Kanadada bu görkeziji 11,4%, 0,16 mln birlige çenli ýokarlandy, Ýewropada satuw 0,26 mln boldy – bu geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende köpdür, ýöne sentýabr aýyndan 14% azdyr.

“Hytaýyň elektromobil we gibrid bazary ýylyň soňky iki aýynda ýokary satuw görkezijileri bilen peselmegiň alamatlaryny görkezmeýär” – diýlip, Rho Motion-yň beýanynda aýdylýar.

Şeýle-de, kompaniýa ÝB-niň geljek ýyl üçin kesgitlenen uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlarynyň elektromobilleriň bahasynyň arzanlamagyna getirip biljekdigini, sebäbi öndürijileriň ekologik talaplary berjaý etmek we jerimelerden gaçmak üçin olaryň satuwyny ýokarlandyrmaga çalyşýandygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde, Ýewropadaky awtoöndürijiler ýokary önümçilik çykdajylary, elektromobillere geçmek zerurlygy we arzan modelleri hödürleýän hytaý öndürijileri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Mysal üçin, öň Volkswagen-iň Germaniýada azyndan üç zawody ýapmakçydygy habar berildi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......