Ranýeri ýene-de "Roma" baş tälimçi edilip bellenildi

  • 15.11.2024 20:43
  • 3.4k+

"Roma" futbol kluby şu möwsümiň ahyryna çenli Klaudio Ranýeriniň baş tälimçi wezipesine bellenendigini resmi taýdan mälim etdi. Bu barada rim futbol klubynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Möwsüm gutarandan soň, 73 ýaşly hünärmen ýolbaşçy wezipelerinden birine geňeşçi ediler. "Romanyň" eýeleri klubuň strategiýasy we ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri onuň bilen utgaşdyrarlar.
Öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda futbol klubuň ýolbaşçylary indiki möwsüm üçin hemişelik tälimçi gözlemegi dowam etdirerler. Tälimçi saýlamaga Klaudio Ranýeri hem gatnaşar.
Geçen möwsüm sowulanda, Ranýeri tälimçilik karýerasynyň tamamlanandygyny mälim etdi. Ondan öň Ranýeri 2009-njy ýyldan 2011-nji ýyla çenli "Roma" futbol klubynyň baş tälimçi wezipesinde bolupdy. Şeýle-de soňra ol bu wezipede 2019-njy ýylyň mart aýyndan iýun aýyna çenli işledi. Asly italiýaly hünärmeniň 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýolbaşçylyk eden kluby - "Kalýari" onuň karýerasyndaky soňky futbol kluby boldy diýip, championat.com ýazýar.


şu gün 13:40
4.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......