iPhone 16 we 16 Pro-ny özbaşdak bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlary satylyp başlandy

  • 15.11.2024 19:32
  • 3.8k+

Apple iPhone 16 we 16 Pro smartfonlaryny özbaşdak bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyp başlady. Indi ulanyjylar enjamlaryny ussa gitmezden özbaşdak bejermek üçin kameralar, displeýler we batareýalar ýaly komponentleri satyn alyp bilerler diýip, The Verge habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, täze önümleriň arasynda iPhone 16 üçin 169 dollarlyk, iPhone 16 Pro üçin bolsa 249 dollarlyk kamera modullary bar. Displeýleriň bahasy modeline baglylykda 279 dollardan 379 dollara çenli, esasy wersiýalary we Pro modelleri üçin akkumulýatorlar, degişlilikde, 99 we 119 dollar bolar.
Şeýle hem Apple enjamy bejermekde gerek bolan gurallary bolmadyk ulanyjylar üçin 49 dollara ýörite abatlaýyş toplumyny kärendesine hödürleýär.
Apple-iň abatlaýyş işini has az töwekgelçilikli we has elýeterli edendigini belläp geçmelidiris. Kompaniýanyň sentýabr aýynda neşir edilen gollanmasynyň kömegi bilen ulanyjylar ädimme-ädim görkezmeleri aňsatlyk bilen ýerine ýetirip, abatlaýyş çykdajylaryny tygşytlap bilerler. Geljekde batareýalaryň we displeýleriň has elýeterli görnüşleriniň üçünji tarap öndürijileri tarapyndan öndürilmegine garaşylýar. Şu ýyl Apple olaryň goldawyny gowulandyrmagy meýilleşdirýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...