Xiaomi bary-ýogy 230 günde 100 000 awtomobil çykardy

  • 15.11.2024 13:08
  • 8.7k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi SU7 modelinden 100 000 awtomobil çykarandygyny habar berdi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýunyň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik möçberine ýetmek üçin 230 gün gerek boldy diýip, ArenaEV belleýär.

Bu waka mynasybetli şu hepdede baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Öň, Leý Szýun oktýabr aýynda 20 726 sany Xiaomi SU7 awtomobiliniň satylandygyny belledi, netijede model üç kategoriýada satuw reýtinginde birinji orny eýeledi: täze sedanlar, 28 000 dollardan ýokary bahaly sedanlar we uly elektrik sedanlar.
Modele bolan ýokary isleg önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň zerurdygyny görkezýär. Xiaomi sargytlaryň köpelmegi sebäpli öz zawodyny giňeldip başlady. Habar berlişi ýaly, zawodyň ikinji tapgyry sargytlary ýerine ýetirmek üçin çalt depginde gurlar.
Çaklamalara görä, noýabr aýynda kompaniýa 100 000 awtomobil ibermek boýunça ýyllyk maksatnamasyna meýilleşdirilen möhletden ir ýetip biler. 


düýn 18:36
3.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.6k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......