Loewe modalar öýi Suna Fujitanyň suratlary bilen bezelen baýramçylyk toplumyny görkezdi

  • 15.11.2024 12:48
  • 2.9k+

Ispaniýanyň Loewe modalar öýi Ýaponiýanyň Suna Fujita keramika studiýasy bilen hyzmatdaşlykda Täze ýyl toplumynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Toplumda studiýany esaslandyryjylar – suratkeş är-aýal Şoheý Fujito we Çisato Ýamano tarapyndan elde çekilen suratly ajaýyp dizaýnly torbalary we aksessuarlary öz içine alýar.

Nusgawy ýapon keramikasynyň tehnikasy ulanylyp döredilen nagyşlar brendiň önümlerine baýramçylyk stilini we özboluşly gelşik berýär.
Bu Loewe bilen Suna Fujitanyň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlyk däl. Mundan ozal ýapon keramikaçylary 2024-nji ýylyň ýaz-tomus deslapky toplumynyň çäklerinde  Ispaniýanyň modalar öýi üçin printleri işläp düzüpdiler.
Ispaniýanyň Loewe modalar öýi 1846-njy ýylda Madridde esaslandyryldy. Ol dünýädäki iň gadymy we iri kaşaň modalar öýleriniň biridir. Köp ýyl bäri kompaniýa deri önümlerini we esbaplaryny öndürýän öňdebaryjy öndürijileriň biri hökmünde öz ornuny saklap gelýär. 1905-nji ýyldan bäri bu brend Ispaniýanyň Korol köşgüniň resmi üpjünçisi bolup durýar.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....