Geox brendi “Maşa we Aýy” multfilmindäki gahrymanlardan ybarat ýygyndy çykardy

  • 15.11.2024 12:02
  • 6.5k+

Italiýanyň Geox brendi Animaccord animasiýa studiýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen Geox & Masha and the Bear harytlar hatarynyň toplumyny çykardy. Buro 24/7-niň habar bermegine görä, toplumda snoubutlar, ýyly krossowkalar, dabany rifli beýik aýakgaplar, dabany ýagty saçýan snikerler we çagalar üçin üstki eşikler bar.

Her bir model “Maşa we Aýy” multfilmindäki gahrymanlaryň şekilleri we täsin emoji çaplary bilen tapawutlanýar. Illuminus krossowkalarynda LED-li daban bar we degişlilikde gyzlar we oglanlar üçin gülgüne hem-de ýaşyl reňklerde bolýar.
Geox-iň dizaýnerleri aýakgap bilen stil taýdan utgaşýan, ýaz-güýz möwsümleri üçin  niýetlenen kurtkalary hem goşdular. Junette we Theleven modelleri kolorblok stilinde ýerine ýetirilen we gelişýän reňkli görnüşleri hödürleýär. Şeýle hem, islendik howada goragy üpjün edýän ýyly krossowkalar we suw geçirmeýän Amphibiox ™ tehnologiýaly bagjykly aýakgaplar hödürlendi.
Geox kompaniýasy 1995-nji ýylda Italiýada esaslandyryldy. Brendiň ady grek sözi Geo (ýer) we häzirki zaman tehnologiýasyny alamatlandyrýan “X” harpynyň utgaşmasyndan gelip çykýar. Geox howa geçirýän, ýöne suw geçirmeýän birleşdirilen materiallary öndürmek pudagynda 60 töweregi patente eýe. Alymlaryň adamyň derlemek we ýylylyk bölüp çykaryjylyk aýratynlyklaryny öwrenýän öz gözleg merkezinden başga-da, Geox täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we synagdan geçirmek üçin birnäçe iri uniwersitetler hem-de barlaghanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär.


02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...