Bitkoiniň bahasy 93 müň dollardan geçip, ýene taryhy iň ýokary derejäni täzeledi

  • 14.11.2024 17:46
  • 5.9k+

Dünýäde iň uly Binance kriptobiržasynda bitkoiniň bahasy taryhda ilkinji gezek 90 müň dollardan geçdi. Täze rekord 93 434 dollar boldy. Esasy kriptowalýuta bu görkezijä çarşenbe güni ýetdi, şondan soň birneme peseldi. 14-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 12:12-ä çenli ýagdaýa görä, ol 89 557 dollar derejesinde satylýar.

Iki günüň içinde esasy kriptowalýutanyň bahasy 10 müň dollardan gowrak ýokarlandy. Baha 11-nji noýabrda amerikan bazary açylanda 80 müň dollardan birbada ýokarlanyp başlady we birnäçe sagadyň içinde 10% ýokarlanyp, iň ýokary derejesini yzygiderli täzeledi. Bir hepdede bitkoin 20% gymmatlady.

BTC-niň kapitalizasiýasy iň ýokary derejesinde 1,82 trln dollara ýetdi. Iň uly aktiwleriň reýtinginde bitkoin kümüşden öňe geçdi we hatda dünýäde iň uly nebit kompaniýasy Saudi Aramco-ny hem yzda galdyrdy. Onuň bazar bahasy 1,79 trln dollara barabar.

Bitkoiniň bahasynyň ösüşi sişenbe güni ABŞ-nyň makro maglumatlarynyň neşir edilmegi bilen başlandy. ABŞ-da oktýabr aýynda inflýasiýanyň ösüş depgini 0,2% ýokarlanyp, ýyllyk hasabynda 2,6% derejesine ýetdi we bu bazar çaklamalaryna doly gabat gelýär.

Kriptowalýutalaryň ösüşi Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanany bäri dowam edýär. Saýlawdan öňki çykyşlarynda syýasatçy kripto-işewürligini goldajakdygyna ençeme gezek wada berip, kripto-pudagyna we amerikan maýning kompaniýalaryna goldaw berjekdigini açyk belledi.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...