Hyundai Günorta Koreýanyň Ulsan şäherini “wodorod şäherine” öwrer

  • 14.11.2024 23:34
  • 6.1k+

Hyundai Motor kompaniýasy we Ulsan şäheriniň häkimiýeti şäherde wodorod ekoulgamyny döretmek maksady bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler. Şertnamanyň maksady wodorody öndürmek, saklamak, daşamak we ulanmak üçin infrastrukturany ösdürmekden ybarat.

Resminama gol çekmek dabarasy Hyundai Motor kompaniýasynyň baş müdiri Li Don Sokuň we Ulsanyň häkimi Kim Du Gýomyň gatnaşmagynda geçirildi.
Taraplar arassa wodorod önümçiligi, şol sanda suw elektrolizi ugurlarynda hem-de wodorod ulaglaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Hususan-da, Hyundai Motor ýük gatnawlary üçin wodorod tirkeg çekijilerini işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär, bu bolsa ekologiýa taýdan arassa logistika ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.
Taslama wodorod traktorlarynyň we ýük ýükleýjileriň döredilmegini, şeýle-de sebitiň dürli logistika ugurlarynda wodorod awtomobillerini synagdan geçirmegi öz içine alýar. Hyzmatdaşlar wodorod ekoulgamyny ösdürmegi maksat edinýärler, bu daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga tarap ädim bolmaly.
Taslama sebitde wodorod tehnologiýalaryny ösdürmäge we Ulsanyň Günorta Koreýada wodorod infrastrukturasynyň merkezi hökmünde ornuny berkitmäge gönükdirilendir.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......