Türkmen döwlet maliýe instituty maliýe hasabatlylygy boýunça halkara olimpiadasynyň netijelerini yglan etdi

  • 13.11.2024 07:05
  • 6.5k+

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasynyň netijelerini jemledi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 50-si baýrakly orunlary eýelediler. Ilkinji orunlara talyplaryň 12-si mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Täjik döwlet täjirçilik uniwersitetiniň talyplary Alekseý Bebekin, Saidkosimhon Usmonow, Eraj Jonmamadow, Izattulo Abudulloýew, Gazagystanyň Alyjylar jemgyýetiniň Garaganda uniwersitetiniň talyplary Ýewgeniýa Pospolitak, Temirlan Syzdykow, Tomiris Dameşewa, Akerke Amanžolowa, Russiýanyň G.W.Plehanow adyndaky ykdysadyýet uniwersitetiniň talyplary Darýa Pribylowa we Kira Prodanowa bar.
Ýeňijileriň ýene-de ikisi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleridir. Olar Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Eziz Myradow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ýakut Soltanmyradow.
Baýrakly ikinji orunlaryň 16-sy we üçünji orunlaryň 22-si Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna gowşuryldy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda 10 sany kümüş we 9 sany bürünç baýrak eýeleri kesgitlenildi. Olaryň hatarynda ýokarda ady görkezilen daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Buhara döwlet uniwersitetiniň, Samarkandyň ykdysadyýet we hyzmat institutynyň, Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň, Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň Samarkant şahamçasynyň, Nowaýy döwlet dag-tehnologik uniwersitetiniň, Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetiniň, Nukus innowasiýalar institutynyň talyplary bar.
Ýokarda ady agzalan türkmen ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adynda Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 6 sany ikinji we 13 sany üçünji orunlaryň eýeleri boldular.
Umuman, Olimpiada 6 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Belarusdan ýokary okuw mekdepleriň 26-syndan 100-den gowrak talyplar gatnaşdylar.
Olimpiada aýratynlykdaky bäsleşikler görnüşinde geçirilip, onuň çäklerinde gatnaşyjylara 10 ýumuş hem-de olary çözmäge 2 sagat wagt berildi. Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri boýunça kesgitlenildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......