Xiaomi kompaniýasy Redmi K70 smartfonyny önümçilikden aýyrdy we satuwyny bes etdi

  • 13.11.2024 05:53
  • 4.3k+

Hytaýda Xiaomi-niň marketing bölüminiň baş müdiriniň orunbasary we Redmi brendiniň baş müdiri Wan Ten Tomas Redmi K70 smartfon hatarynyň ilkibaşda meýilleşdirilenden has ir satuwdan aýrylandygyny habar berdi.

Ol Redmi K70 smartfonynyň ýokary öndürijiliginiň ony 2024-nji ýylda 278 dollardan 417 dollar baha aralygynda iň köp satylan telefona öwrendigini belledi.
Wan Ten Tomas geljekki Redmi K80 hataryna ünsi çekip, ony “täze çempion” diýip atlandyrdy. Kompaniýanyň Redmi K80 smartfonlaryny şu aýyň ahyryna çenli hödürlemegine garaşylýar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda çykarylan Redmi K70 hatary K70e, K70 we K70 Pro modellerini öz içine aldy, olaryň bahasy 1999 ýuandan (takmynan, $278) başlady. Smartfonlar, degişlilikde, Dimensity 8400, Snapdragon 8 Gen 2 we Snapdragon 8 Gen 3 bilen üpjün edildi.
Täze hataryň iki modeli öz içine almagyna garaşylýar: Redmi K80 we K80 Pro. Olar, degişlilikde, Snapdragon 8 Gen 3 we Snapdragon 8 Elite çipsetleri bilen enjamlaşdyrylar. Smartfonlaryň ikisi-de noýabr aýynyň ahyryna çenli resmi taýdan hödürlenjek iQOO Neo 10 we Neo 10 Pro tarapyndan bäsdeşlige sezewar bolar diýlip pikir edilýär. Maglumatlara görä, Neo 10 modeli Snapdragon 8 Gen 3, Neo 10 Pro bolsa Dimensity 9400 çipseti bilen üpjün ediler.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...