Audi Hytaýda täze brendini döretdi: ol 764 at güýjüne eýedir

  • 12.11.2024 16:44
  • 6.9k+

Volkswagen kompaniýasynyň düzümine girýän Audi Hytaýda täze brendini - "AUDI" (ady baş harplar bilen ýazylan) görnüşde çykardy. Bu barada Reuters habar berýär.

Hytaýyň döwlet awtoulag kompaniýasynyň "SAIC Motor Corporation" bilen  hyzmatdaşlygynda döredilen täze AUDI E awtoulagynyň ilkinji önümi eýýäm hödürlendi. Ol nyşanynda adaty dört halkanyň ýoklugy bilen beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Ýöne awtoulagda uly we baş harplar bilen ýazylan nyşan bar, onuň öň we arka tarapy yşyklandyrylýar.
AUDI E täze "Advanced Digitized Platformda" işlenip düzüldi. Ol iki elektrik hereketlendirijisiniň kömegi bilen 764 at güýjüne eýedir. 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,6 sekuntda çykyp, elektrik ätiýajy 700 km (CLTC usuly boýunça) aralyga çenli ýetip bilýär. 800 woltly awtoulagyň gurluşy 10 minutda 370 km-e çenli ýol geçerlik zarýad almaga mümkinçilik berýär.
AUDI E-iň içinde uly 4K ekran we iki sany smartfon üçin simsiz zarýad beriji bar. Içki bezegde agaç şkafy we mikrofibr ýaly ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylýar.
AUDI bu ilkinji üç modelini: orta we doly göwrümli awtoulaglaryny 2025-nji ýylda bazara çykarar.


13.05.2026 23:03
1.5k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....