Android üçin täze ses kömekçisi jaň edýänler bilen söhbetdeş bolup biler

  • 11.11.2024 20:52
  • 4.9k+

Google kompaniýasy Android üçin emeli aňly ses kömekçisine gelýän jaňlara jogap berip, söhbetdeş bilen doly derejeli gürleşmäge mümkinçilik berýän täze funksiýany işläp taýýarlaýar. Bu barada programmanyň koduna salgylanyp, 9to5Google portaly habar berýär.

Call Screen diýlip atlandyrylýan bu funksiýa indi diňe bir öňünden taýýarlanyp goýlan jogaplary ulanmak bilen çäklenmän, eýsem maglumatlary ýokary takyklyk bilen kesgitläp, hakyky wagtda jogap döredip biler. Öňki wersiýalardan tapawutlylykda, täze kömekçi gürrüňdeşligiň dowamynda zerur bolan ýagdaýynda aýdyňlaşdyryjy soraglara jogap berip, has giňişleýin maglumat berip biler.
Ses kömekçisi Dobby kod adyny aldy, onuň işine bolsa Gemini Nano neýroulgamy jogap berer. Kömekçi multi-turn conversational AI tehnologiýasynyň kömegi bilen gürrüňiň mazmunyna “düşünip” biler, bu hem aragatnaşygy has tebigy eder.
Call Screen funksiýasy ilkinji gezek 2021-nji ýylda Android 12-ä girizildi. 2023-nji ýylyň ahyrynda Google gysgaça kontekst jogaplaryny goşup, ony kämilleşdirdi, 2024-nji ýylyň mart aýynda bolsa, ulanyjy gelýän jaňa jogap bermese-de, awtomatik jogaplar peýda boldy. 


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....