Samsung täze eplenýän W25 smartfonyny hödürledi

  • 11.11.2024 15:26
  • 5.8k+

Samsung täze eplenýän W25 smartfonyny hödürledi. Täze önüm Galaxy Z Fold 6 modele meňzeýär, ýöne ol has kämil aýratynlyklary hödürleýär diýip, Gizmochina ýazýar.

W25 “Galaxy Z Fold 6” görnüşinden 1,5 mm inçe, eplenende galyňlygy 10,6 mm. Smartfonyň esasy 8 dýuýmlyk “Dynamic AMOLED 2X” displeýinde 120Hz täzelenme tizligi we 2600 nokada çenli ýagtylygy bolan QXGA + durulygy (2184 x 1968 piksel) bar. Daşarky 6.5 dýuým ekran hem 120Hz bilen goldanylýar we "Corning Gorilla Glass Victus 2" bilen goralýar.
Smartfon “Galaxy” prosessor üçin “Snapdragon 8 Gen 3”, 16 Gb RAM we 512GB, 1TB ýat görnüşleri bilen üpjün edilýär.
200 MP esasy kamera, surat höwesjeňleri üçin W25-ni hasam özüne çekiji edýär. 12 megapiksel ultra giň burçly linza we 10 megapiksel telefon moduly bilen işleýär. Selfi we wideo alyş üçin daşky ekranda 10 megapikselli kamera hem-de esasy ekranda 4 megapikselli kamera bar.
Smartfonyň gapdalynda barmak yz skaneri, IP48 suwdan hem-de tozandan goragy, "Dolby Atmos" bilen stereo gürleýjiler we "Android 14 OS" esasly "One UI 6.1.1" gaby bar.
Smartfonyň satuwy 15-nji noýabrda Hytaýda başlar. Bahalary 2230 dollardan başlap, 2500 dollara çenli ýeter.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...