Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 80 müň dollardan geçdi

  • 10.11.2024 23:56
  • 5.2k+

Bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 10-njy noýabrda gündiz kriptowalýuta 80 müň dollar görkezijisine ýetdi diýip, Binance kriptobiržasy habar berýär.

Taryhy derejeden geçenden soň tiz wagtdan bitkoiniň bahasy birneme peseldi, ýöne soň ýene-de ýokarlanmagyny dowam etdirdi. 10-njy noýabrda Aşgabat wagty bilen 23:23-e çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 80,729 dollar derejesinde satylýar. Şeýle maglumatlary Coinmarketcap hem hödürleýär.
Bitkoin ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynyň geçýän döwründe we kriptowalýutany goldaýan Donald Trampyň ýeňşine garaşylýan wagty işjeň gymmatlap başlady. ABŞ-da sesleriň sanalan gijesi bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 75 müň dollardan geçdi.
Şu gün Respublikan partiýasyndan dalaşgäriň ähli “durnuksyz” ştatlarda ýeňiş gazanandygy belli boldy. Amerikanyň iň iri KHBS-iniň (The New York TimesCNNAssociated Press) hasaplamalaryna görä, Tramp ýeňiş üçin zerur bolan 270 sesden ýurt boýunça saýlaw wekilleriniň 312 sesini aldy. Ol bary-ýogy 226 ses alan garşydaşy Kamala Harrisden aratapawudyny has artdyrdy.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...