2025-nji ýylyň “Gremmi” baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Beýonse 99-njy gezek dalaşgär görkezildi

  • 10.11.2024 23:47
  • 7.3k+

8-nji noýabrda ABŞ-nyň Milli sungat we ses ýazgysy ylymlary akademiýasy “Gremmi” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi.

Variety neşiriniň belleýşi ýaly, şu ýyl Beýonse iň köp, ýagny  11 ugur boýunça dalaşgär boldy. Indi aýdymçy baýragyň taryhynda iň köp gezek dalaşgärlik alan ýerine ýetiriji boldy. Ol jemi 99 gezek dalaşgär görkezildi. Ondan öň ol adamsy Jay-Z bilen rekord 88 dalaşgärligi paýlaşypdy. Şol bir wagtyň özünde, Beýonse “Gremmi” baýragynyň taryhynda iň köp sylaglanan artist bolup, karýerasynda 32 gezek bu baýragy aldy.
Billi Aýlişiň, Post Maloneniň, Charli XCX-iň we Kendrik Lamaryň hersi ýedi dalaşgärlik aldy. Heýkeli almak ugrunda alty kategoriýada Teýlor Swift, Çappell Ron we Sabrina Karpenter dagylar bäsleşer.
Beýonse, Swift, Aýliş, Ron we Karpenter üç esasy kategoriýada - albom, aýdym we ýylyň ýazgysy boýunça dalaşgär görkezildi. Mundan başga-da, Ron we Karpenter “Iň gowy täze aýdymçy” diýen ugurda dalaşgär görkezildi.

Esasy dalaşgärler:

Ýylyň ýazgysy

  • " Now And Then " – The Beatles
  • "Texas Hold “Em" - Beýonse
  • "Espresso" - Sabrina Karpenter
  • "360" - Charli XCX
  • " Birds of a Feather " - Billi Aýliş
  • " Not Like Us " - Kendrik Lamar
  • " Good Luck, Babe!" - Çappell Ron
  • "Fortnight" - Teýlor Swift we Post Malone

Ýylyň albomy

  • " New Blue Sun " - Andre 3000
  • " Cowboy Carter " - Beýonse
  • " Short n» Sweet " - Sabrina Karpenter
  • "Brat" - Charli XCX
  • "Djesse Vol. 4 "- Jeýkob Kolýer
  • " Hit Me Hard and Soft " - Billi Aýlish

Ýylyň aýdymy

  • " A Bar Song (Tipsy)" - Shaboozey
  • " Birds of a Feather " - Billi Aýliş
  • " Die With a Smile " - Ledi Gaga we Bruno Mars
  • "Fortnight" - Teýlor Swift we Post Malone
  • " Good Luck, Babe!" - Çappell Ron
  • " Not Like Us " - Kendrik Lamar
  • " Please Please Please " - Sabrina Karpenter
  • "Texas Hold “Em" - Beýonse

Iň gowy täze aýdymçy

  • Benson Bun
  • Sabrina Karpenter
  • Doechii
  • Khruangbin
  • Raye
  • Çappell Ron
  • Shaboozey
  • Teddi Swims

Baýrak gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji fewralynda Los-Anželesde geçiriler.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....