Pixel 9 Pro-nyň özüne düşýän gymmaty iPhone 16 Pro-dan has arzan, ýöne ikisi-de 999 dollara satylýar

  • 10.11.2024 18:55
  • 10k+

Ýaponiýaly analitikler Google Pixel 9 Pro we Apple iPhone 16 Pro üçin zerur bolan düzüm bölekleriniň bahasyny hasapladylar. Smartfonlaryň ikisi-de bazarda 999 dollar baha bilen hödürlenýär diýip, GSMArena ýazýar.

Hasaplamalara görä, Pixel 9 Pro üçin material çykdajylary 406 dollara barabar, şol bir wagtyň özünde iPhone 16 Pro-nyň önümçiligine 568 dollar sarp edilýär.
Belläp geçsek, komponentlere baha berlende (BOM, Bill of Materials) diňe detallar üçin esasy çykdajylar göz öňünde tutulýar we ylmy gözlegler, işläp taýýarlamalar, marketing üçin çykdajylar üns merkezine alynmaýar, bu hem maglumatlary takmynlyga getirýär.
Apple öz gurluşlaryny öndürmekde ýokary tehnologik we gymmat komponentlere bil baglaýar. Mysal üçin, iPhone 16 Pro-nyň çipseti 135 dollara, displeý 110 dollara, kameralar 91 dollara barabar. Pixel 9 Pro üçin bu çykdajylar pesdir: çipset üçin 80 dollar, displeý üçin 75 dollar we kameralar üçin 61 dollar. Önümçilik çykdajylaryndaky tapawut tehnologiýalaryň görnüşine we satyn alyş möçberine baglydyr.
Smartfon bahalarynyň deň bolmagy bilen, Apple premium materiallara we öňdebaryjy tehnologiýalara ünsi jemleýär, Google bolsa müşderileri elýeterliligi we baha hem hil gatnaşygy taýdan özüne çekýär. Bu çözgüt hem iki tehnologiýa ägirdiniň iş strategiýalarynyň dürlüdigini görkezýär.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......