CIES 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylary belli etdi

  • 10.11.2024 10:53
  • 8.3k+

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) 21 ýaşdan kiçi iň gymmat 100 oýunçynyň reýtingini düzdi. Sanawyň iň başynda “Barselonanyň” oýunçysy Lamin Ýamal ýerleşdi. Ol 180,9 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.

Ýamaldan başga-da, iň gowularyň ýüzlügine 18 ýaşa ýetmedik ýene üç futbolçy girdi: ekwadorly Kendri Paes (“Independente del Walýe”, “Çelsiniň” kärendesinde), braziliýaly Estewan Willian (“Palmeýras”, “Çelsiniň” kärendesinde”) we ispaniýaly Pau Kubarsi (“Barselona”).
Ilkinji onluga bazar bahasy 72 mln ýewrodan başlanýan we ondan ýokary bolan oýunçylar girdi.
Umumy sanawda Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) oýunçylary agdyklyk edýär – 26 futbolçy. Onuň yzyndan fransuz Liga 1-i (17) we ispan La Ligasy (12) gelýär.
Klublaryň arasynda ýaş oýunçylaryň köpüsi “Braýton end Houw Albionda” (6) çykyş edýär. Soňra “Çelsi”, “PSŽ” we “Barselona” gelýär (her birinde 4 oýunçy).
21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ilkinji onlugy:

  1. Lamin Ýamal, “Barselona” – €180,9 mln
  2. Alehandro Garnaço, “Mançester Ýunaýted” – €114,8 mln
  3. Uorren Zair-Emeri, “PSŽ” – €109 mln
  4. Sawio Moreýra, “Mançester Siti” – €101 mln
  5. Žoau Neweş, “PSŽ” – €99,8 mln
  6. Endrik, Madridiň “Realy” – €97,7 mln
  7. Riko Lýuis, “Mançester Siti” – €87,2 mln
  8. Arda Gýuler, Madridiň “Realy” – €76,7 mln
  9. Kobbi Maýnu, “Mançester Ýunaýted” – €74,8 mln
  10. Kenan Ýyldyz, “Ýuwentus” – €72,3 mln

şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......