iPhone, Samsung we Redmi dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň arasynda öňdebaryjy boldular

  • 10.11.2024 10:37
  • 6.8k+

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde iPhone, Samsung we Redmi smartfonlary dünýäde iň köp satylan modelleriň ilkinji onlugyna girdi. Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ilkinji üç orny Apple kompaniýasynyň smartfonlary eýeleýär.

Reýtingde birinji orny iPhone 15 eýeledi, onuň yzyndan iPhone 15 Pro Max we iPhone 15 Pro gelýär. Ilkinji gezek Pro modelleri şu çärýekde ähli iPhone satuwlarynyň ýarysyny emele getirdi, bu hem has gymmat modellere islegiň artýandygyny görkezýär.
Samsung hem öz orunlaryny saklaýar: Galaxy S24 yzygider üçünji çärýekde iň gowularyň onlugynda galýar, Galaxy S modeli bolsa 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Top-10-a goşuldy. Sanawda özüniň elýeterliligi we uzak möhletleýin programma goldawy bilen belli bolan Galaxy A hataryndan hem dört model bar. Bu modeller ösýän ýurtlarda uly islegden peýdalanýar.
Xiaomi diňe bir model – Redmi 13C bilen ilkinji onluga girip bildi. Muňa onuň amatly bahasy we özünden öňki bilen deňeşdirilende kämilleşdirilen aýratynlyklary ýardam etdi.
Umuman alanyňda, ilkinji 10 model şu ýylyň üçünji çärýeginde dünýä boýunça smartfon satuwynyň 19%-ini emele getirdi.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....