Dünýäde iň owadan pişik saýlandy. Ol Polşadan Bakardi atly pişik boldy

  • 10.11.2024 10:23
  • 13k+

Norwegiýada FIFe World Show sergisi geçirildi we onda dünýäniň iň owadan pişigi saýlandy. Bu çäre Halkara pişik federasiýasy tarapyndan gurnaldy. Dünýäniň dürli künjeginden 1500 pişigiň arasynda ýeňiji Polşanyň Gdansk şäherinden rus gök tohumyndan Bakardi atly pişik boldy.

“Men Bakardiniň dünýäde iň owadan pişikdigini hemişe bilýärdim” – diýip, pişigiň hojaýyny Joanna Kowalçik belledi.

Dziennik Baltycki bilen söhbetdeşlikde ol pişigiň ejesiniň özi bilen ýaşaýandygyny, kakasynyň bolsa fermada bolýandygyny aýtdy.
Bakardi bir garyndan doglan pişijikleriň arasynda dördünji we iň soňkusydy.

“Ilkinji günden onda nämedir bir zat bardy... Ol tohumyň ähli ülňülerine laýyk gelýärdi. Onuň gözlerinde-de uçgun bardy” – diýip, Joanna belleýär.

Bakardini onuň häsiýeti-de tapawutlandyrýar, pişik hödür almak üçin öz maýyl edijiligini ulanýar. Onuň güni gezelenç etmek we bagdaky guşlaryň sanyny barlamak bilen başlaýar. Hojaýyn Bakardi bilen sözsüz gürleşýändigini belleýär.
Belläp geçsek, rus gök pişikler ýumşak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli olar pişik muşdaklarynyň arasynda iň halanýan pişiklerdir. Bu tohumyň pişikleri nätanyşlara ynamsyz bolýar, ýöne öz hojaýynlary üçin örän gowy söhbetdeş hasaplanylýar we olar dyrnaklaryny seýrek görkezýär.


01.10.2025 17:52
7.5k+

Polşaly alpinist dünýäde ilkinji bolup Ewerestden kislorod ballony bolmazdan lyžada düşdi

Polşaly alpinist Anjeý Bargel kislorod ballonyny ulanmazdan lyžada Ewereste çykan we düşen dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. “Depä çykmagyň özi kyn boldy. Men ozal hiç haçan şonça wagtlap şeýle belentlikde bolmandym...

11.09.2025 10:16
6.2k+

Warşawanyň metrosynda ýolagçylaryň smartfondan ünsüni sowmak üçin kitaphana açyldy

Warşawadaky Kondratowicza metrosynyň täze stansiýasynda Metroteka ady bilen ekspress-kitaphana açyldy. Onuň maksady ýolagçylary smartfonlaryň deregine kitap bilen wagt geçirmäge oýarmakdan ybarat diýip, The Guardian habar berýär...

14.08.2025 16:23
12k+

Polşada balykçy derýadan ýaşy 700 ýyla barabar bolan gylyjy çykardy

Polşada balykçy Wisla derýasyndan ýaşy, takmynan, 700 ýyl bolan gylyjy çykardy. Onuň uzynlygy 79 santimetre barabar diýip, People ýazýar. Erkek adam kanunyň talap edişi ýaly artefakty Ýadygärlikleri goramak boýunça paýtagt gullugyna gowşurdy...

24.07.2025 10:24
3.9k+

Orta asyrlardan galan “ýylgyryş”: Polşadaky adada ýylgyrýan agaç ýüzi tapdylar

Torundaky (Polşa) Nikolaý Kopernik uniwersitetiniň arheologlary Polşanyň Lednisa kölüniň düýbünden ýüzüne oýulyp adamyň ýüzi şekillendirilen pürsi tapdylar. Bu açyş 2024-nji ýylda edildi, ýöne bu hakda indi resmi taýdan habar berildi...