Xiaomi 15 Ultra “ýöriteleşdirilen enjam modulyny” alar

  • 09.11.2024 17:46
  • 6.4k+

Meşhur Digital Chat Station insaýderi ýakyn wagtda çykjak Xiaomi 15 Ultra smartfonynyň kamerasy barada täze maglumatlary berdi, diýip Gizmochina habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, enjam fokus aralygy 23 mm we f/1,6 diagfargmasy bolan 50 mp esasy kamera bilen üpjün ediler. Fokus aralygynyň ýokarlanmagy, ýagtylygy pes bolan ýerlerde hem dury surat düşürmäge mümkinçilik berer.
Şeýle hem bu modeliň “täze, ýörite düzülen enjam moduly” barada aýdylýar. Ýöne modulyň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi.
Xiaomi 15 Ultra-da 200 mp durulykly periskop teleobýektiwy hem bolar. Bu obýektiwde 100 mm fokus aralygy we f/2,6 diafragmasy bolan 4,3x optiki zum hödürlenjekdigi barada aýdylýar. Mundan başga-da, iki sany zum režimi görkezilýär: 1/3 dýuýmlyk 4,3x we doly sensory ulanýan 1/1,4 dýuýmlyk 4.1x.
“Xiaomi 15 Ultra-nyň” satuwynyň indiki ýazda bolmagyna garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...