Kriptowalýutalar rekord goýýar: Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 77 müň dollardan geçdi

  • 09.11.2024 13:39
  • 4.9k+

Bitkoiniň bahasy taryhda ilkinji gezek 77 müň dollardan geçdi. Kriptowalýuta bazary Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryndaky ýeňşinden soň işjeň ýagdaýda ösýär. Saýlawlardan soňky iki günde bitkoin öz taryhy iň ýokary derejesini dört gezek täzeledi diýip, qz.com habar berýär.

Bitkoin bilen bir hatarda beýleki kriptowalýutalaryň bahasy hem ýokarlanýar. Ethereum tas 3 müň dollara ýetdi, Solana bolsa 200 dollardan ýokary boldy.
Bahalaryň şeýle umumy ýokarlanmagy kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasynyň ösmegine getirdi, ol häzir 2,6 trln dollara ýakynlaşýar. Soňky bir günde kriptobazaryň kapitalizasiýasy 3,66% ýokarlandy.
Bilermenleriň pikiriçe, Trampyň administrasiýasy kriptowalýutalary düzgünleşdirmek syýasatyna täzeden garamaga synanyşar. Hususan-da, bu ABŞ-nyň Gymmat kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň (SEC) kriptobazaryna bolan gatnaşygyna degişlidir. Edara häzirki Prezident Jo Baýdeniň döwründe kriptowalýuta bazaryna gözegçiligi güýçlendirdi.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...