iPhone akkumulýatoryň doly zarýad almagy üçin gerek takyk wagty görkezip biler

  • 08.11.2024 15:06
  • 6.9k+

Apple iOS-18-e ulanyjylara iPhone-yň doly zarýad almagy üçin galan takyk wagty görkezjek funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. 9to5Mac portalynyň habar bermegine görä, BatteryIntelligence adyny alan täze aýratynlyk barada ýatlama soňky beta-wersiýa iOS 18.2-de tapyldy.

Bu funksiýa gurluşa gelýän energiýanyň mukdaryna esaslanyp, zarýad beriş wagtyny hasaplar. Ulanyjylar belli bir zarýad derejesine, mysal üçin, 80%-e ýetmek üçin näçe wagtyň gerek boljakdygy barada habarnama alyp biler.
Şeýle funksiýa MacBook üçin macOS-da eýýäm bar we bu ýerde “Batareýa” menýusynda doly zarýad üçin galan wagt görkezilýär. Android gurluşlarynda hem şeýle aýratynlyk bar: zarýad beriji gurluşa birikdirilende, maglumaty “Batareýa” bölüminde görmek bolýar.
iOS 18-e akkumulýatoryň zarýadyna gözegçilik etmek üçin eýýäm birnäçe täze funksiýa goşuldy. Mysal üçin, zarýadyň iň ýokary derejesini – 80%, 85%, 90% ýa-da 95% kesgitlemek mümkinçiligi peýda boldy, bu akkumulýatoryň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga kömek edýär.
Indi iOS zarýad haýal zarýad beriji gurluşdan bolan bolsa-da, ulanyjylara duýdurar.
Täze BatteryIntelligence funksiýasy gurluşyň zarýad wagty barada has giňişleýin maglumat bermek bilen, zarýad beriş prosesini iPhone ulanyjylar üçin has amatly we aç-açan eder diýlip garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...