SpaceX taryhda ilkinji gezek kosmosda Starship gämisine ýangyç guýar

  • 08.11.2024 12:08
  • 3.8k+

SpaceX synaglaryň çäginde 2025-nji ýylyň mart aýynda Starship kosmos gämisine ilkinji gezek orbitada ýangyç guýmagy maksat edinýär.

NASA-nyň Human Landing System programmasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Kent Hoýnaskiniň sözlerine görä, iki sany Starship gämisini orbita çykararlar we şol ýerde olar birleşer we biri beýlekisine ýangyç geçirer. Bu synag Aýa we Marsa boljak uzak wagtlyk kosmos missiýalaryna taýýarlyk işleriniň möhüm bölegi bolar diýip, Kosmos gullugy ýazýar.
Orbitada ýangyç guýmak kosmos gämileriniň uçuşynyň uzaklygyny we ýük göterijiligini artdyrar. Orbitada ýangyç guýmak gämileriň ýangyç doldurmak üçin Ýere gaýdyp gelmek zerurlygyny aradan aýrar, bu bolsa planetalaryň arasyna  missiýalary guramak mümkinçiliklerini giňelder.
Synag üstünlikli bolsa, Starship-iň uzak möhletli missiýalara, şol sanda NASA-nyň adamlary Aýa gaýtaryp eltmäge gönükdirilen “Artemida” maksatnamasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklar.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......