Audi tüsse çykaryş ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli 700 müňden gowrak awtoulagy yzyna çagyrýar

  • 08.11.2024 12:00
  • 5.2k+

Audi nemes awtoulag öndürijisi Germaniýanyň Federal awtomobil ulaglary guramasynyň (KBA) we Ýewropa kazyýetiniň kararyndan soň, 2009-njy we 2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen 703 172 dizel ulagyny yzyna çagyrmaga mejbur bolýar.

Düzgünleşdirijiler zyňyndy gazlary gözegçilikde saklamak maksady bilen bellenen  programma üpjünçiligi sebäpli, kompaniýa ulaglaryny yzyna çagyrmagy buýurdy. Sebäbi ol ÝB-niň kanunlaryna laýyk gelmeýär.
Mesele “termiki penjire” diýlip atlandyrylýar. Ol Selsiýa boýunça 15 gradusdan pes we 33 gradusdan ýokary temperaturalarda çykýan gazyň gaýtadan işlenişiniň (EGR) netijeliligini peseldýär. Bu hereketlendirijide uglerod köýükleriniň ýygnanmagynyň öňüni almaga niýetlenen. Şeýle-de bolsa, bu hili çäklendirme Ýewropanyň standartlaryna laýyk gelmeýär.
Yza çagyryş Audi-niň 2.0 TDI dizel hereketlendirijili A4, A5, A6 we Q5 ýaly meşhur modellerine degişli.
Awtoulag eýeleri EGR ulgamyny güýçli depginde işletjek programma üpjünçiliginiň täzelenmegine garaşyp bilerler. Şeýle-de bolsa, bu hereketlendirijiniň ýüküni artdyryp, goýberiş kollektorynyň dykylmak töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.


şu gün 08:11
1.3k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......