Hindistanda gurluşykçylar Mogollar imperiýasyna degişli hum tapdylar

  • 08.11.2024 11:32
  • 12k+

Hindistanda gurluşykçylar gazuw işlerini geçirýärkä, tötänleýin Mogollar döwründen galan hum tapdylar. Bu waka Uttar-Pradeş ştatynyň Çaubara şäherinde bolup geçdi diýip, Heritage Daily ýazýar.

Tapyndy gudrat bilen arheologlaryň eline düşdi, sebäbi işçiler teňňeleri öz aralarynda paýlaşmagy maksat edinýärdiler. Bu açyş baradaky myş-myşlar şäheriň hemme ýerine ýaýrady. Mundan başga-da, “hazyna awçylary” açyş ýerine gelip başladylar. Bularyň hemmesi polisiýanyň ünsüni özüne çekdi, işgärleri derrew tapyp, gymmatly tapyndylary ellerinden aldy. Ol tapyndy 49 teňňeden ybarat bolup, Mogollar döwrüne (1526-1857-nji ýyllar) degişlidir.
Şaý pullaryň käbirinde Şah Jahan I ady bilen hem tanalýan Mirza Şahab-ud-Din Muhammet Hurram bilen baglanyşykly ýazgylar bar. Ol 1628-nji ýyldan 1658-nji ýyla çenli höküm süren Mogol dinastiýasynyň bäşinji imperatorydy.
Beýleki teňňelerde 1719-njy ýyldan 1748-nji ýyla çenli höküm süren 13-nji Mogol imperatory Muhammet şa diýlip tanalýan Mirza Nasir-ud-Din Muhammet şa şekillendirilýär. Mundan başga-da, hazyna pars dilinde ýazylan birnäçe teňňäni öz içine alýar diýip, rambler.ru ýazýar. 
Ýöne hünärmenler parslaryň Mogol imperiýasynyň resmi dillerinden biridigini, mogol diliniň aslynda mongol diliniň hindi-pars görnüşidigini düşündirýärler.
Şeýle-de bolsa, hazyna entek jikme-jik öwrenilmedi. Ol häzir polisiýa bölüminde saklanýar we diňe ähli ýagdaýlar aýdyňlaşdyrylansoň, polisiýa jikme-jik gözden geçirmek üçin arheologlara tapyndylary tabşyrmagy wada berýär.
Mogol imperiýasy esasan häzirki Hindistan, Pakistan, Bangladeş we Owganystanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän giň meýdany eýeledi. Takmynan iki asyrlap sebitdäki iň güýçli döwletleriň biri boldy.
Imperiýa 1526-njy ýylda häzirki Özbegistanyň Andijan şäherinden bolan serkerde Babyr tarapyndan esaslandyryldy. Babyr uly goşuna serkerdelik edip, Deliniň soltany Ybraýym Şah Lodiniň üstüne çozdy we goşunlaryny ýeňdi.
Mogollar neberesi dolandyryş we salgyt ulgamynyň özgertmeleri bilen tapawutlanypdyr. Hökümdarlar sansyz hazynalara eýe bolupdyrlar, ýöne 18-nji asyryň başynda raýatlyk uruşyndan soň, imperiýa Aurangzeb tarapyndan pese düşürilipdir. Mogol imperiýasy gowşap, XIX asyrda iňlisler tarapyndan resmi taýdan ýok edilipdir.


düýn 19:49
1.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....