Aşgabatda kikboksing boýunça açyk birinjilik geçirildi

  • 07.11.2024 23:36
  • 5.5k+

Aşgabatda 3-7-nji noýabr aralygynda kikboksing boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan 2007-2016-njy ýyllarda doglan türgenler gatnaşdy. Türkmenistanyň kikboksing federasiýasy we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan gurnalan ýaryş, 500-den gowrak türgeni bir ýere jemledi. Bu barada Federasiýada habar berdiler.

Bäş günläp dowam eden ýaryşda kikboksing sporty bilen meşgullanýan ýaş türgenler full-contact, slow-kick we kick-light ýaly dürli görnüşlerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça, Aşgabat şäheriniň topary öz üstünligini görkezdi. Paýtagtymyzyň türgenleri jemi 176 medal gazanyp, toparlaýyn esasda birinji orny eýelediler. Ikinji orny 145 medal bilen Lebap welaýatynyň topary eýeledi, üçünji orna bolsa 22 medal bilen Daşoguz welaýatynyň kikboksçylary çykdy.


Türkmenistanyň kikboksing federasiýasynyň başlygy Orazmuhammet Kömekow bu ýaryş barada: “Türgenlerimiz kikboksingiň inçe tilsimlerini özleşdiriş derejesini görkezdiler. Ýeňiji türgenlerimiz indi halkara ýaryşlara taýýarlyklaryny güýçlendirmäge ymtylarlar” – diýip belläp geçdi.
Sportuň bu görnüşi, 1950-nji ýyllarda Ýaponiýada döränem bolsa, häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýrandyr. Ýurdumyzda-da ýaşlaryň 5000-den gowragy kikboksing bilen meşgullanýar.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylda türkmen kikboksçylary Wengriýada ýaşlaryň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynda 5 medal, Özbegistanda geçirilen Dünýä kubogynda bolsa 12 medal gazandylar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....