Casio asyl modeliniň 50 ýyllygy mynasybetli Casiotron goşar sagadyny çykardy

  • 08.11.2024 18:05
  • 10k+

Casio kompaniýasy çäklendirilen nusgadaky Casiotron TRN-50ZE-1A goşar sagadynyň çykandygyny habar berdi. Bu model ilkinji awtomatiki senenamaly Casiotron sanly sagadynyň çykmagynyň 50 ýyllygy mynasybetli döredilen ýörite kolleksiýanyň bir bölegidir.

Täze model asyl nusganyň ruhuny saklaýar, şeýle hem Casio Multi-Band 6 tehnologiýasyny ulanyp, radio arkaly dolandyrylýan hronometraž we wagty  awtomatiki täzelemek üçin Bluetooth smartfon sinhronizasiýasy ýaly, häzirki zaman aýratynlyklaryna eýe boldy.
Sagat ýatlatmalar we telefony gözlemek ýaly opsiýalary üpjün edip, Casio Watches programmasyny goldaýar. Beýleki aýratynlyklara awtomatiki senenama, 39 wagt guşaklygynda dünýä wagty, sanalýan taýmer, 1/100 sekunt takyklygy bilen sekundomer we bäş sany gündelik oýaryş jaňy girýär.
Täze önüm doly zarýad berlende 11 aýa çenli we energiýa tygşytlaýyş režiminde 22 aýa çenli batareýanyň ömrüni üpjün edýän Tough Solar Gün energiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Super Illuminator LED yşyklandyryşy pes ýagtylyk şertlerinde görnüşi ýokarlandyrýar.
Modeliň ölçegleri 42,7 x 39,1 x 12,3 mm, agramy 111 gram.
Casiotron TRN-50ZE-1A Ýewropada eýýäm 600 ýewro bahadan satylýar.
Asyl Casiotron modeli 1974-nji ýylda çykdy.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....