Arina Sobolenko 2024-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň birinji raketkasy boldy

  • 07.11.2024 20:52
  • 7.8k+

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko 2024-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň birinji raketkasy boldy. Bu barada Zenanlar tennis assosiasiýasynyň (WTA) resmi saýtynda habar berilýär.

Türgen, polşaly tennisçi Iga Swýontek Er-Riýadda geçirilýän WTA Finals ýaryşynda amerikaly Koko Gauffdan utulandan soň, WTA reýtinginiň birinji ornuna çykdy. Sobolenko bu ýaryşda iki gezek üstünlikli çykyş etdi.
Ol “Uimbledondan” öň alan şikesine garamazdan, dünýäniň birinji raketkasy bolmagy başardy. Sobolenko uly aýlawly myşsasyna şikes ýetirdi we netijede egnindäki agyry ony ýaryşdan çekilmäge mejbur etdi.
Häzir Sobolenko korta gaýdyp geldi, ýöne munuň psihologik taýdan aňsat düşmändigini aýtdy. Awgust aýynda türgen ABŞ-nyň Açyk çempionatyny utdy, soňra Uhandaky ýaryşda ýeňiji boldy. Soňky 23 oýnuň 22-sinde Sobolenko ýeňiş gazandy.
Arina Sobolenko 26 ýaşynda. Ol karýerasynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda üç gezek ýekelikde we ýene iki gezek jübüt görnüşde ýeňiji boldy.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......