ABŞ-nyň häzirki Prezident saýlawlary taryhda iň gymmat saýlawlar boldy

  • 06.11.2024 18:52
  • 32k+

ABŞ-da geçirilýän Prezident saýlawlary ýurduň taryhynda iň gymmat saýlawlar boldy: demokrat Kamala Harris we respublikaçy Donald Tramp öz kampaniýalaryna bilelikde 3,5 mlrd dollar sarp etdiler diýip, Financial Times habar berýär.

Demokratik partiýanyň Milli komitetine we baglanyşykly düzümlere, şol sanda Syýasy işjeňlik komitetine (PAC) 2,3 mlrd dollardan gowrak serişde ýygnamak başartdy we şolardan 1,9 mlrd dollar harçlanyldy. Respublikaçylar kampaniýany geçirmek üçin toplanan 1,8 mlrd dollardan 1,6 mlrd dollar gönükdirdiler.
FT-niň seljermesine görä, serişdeleriň ýarysyna golaýy, esasan, ýedi “durnuksyz” ştatda (Arizona, Newada, Demirgazyk Karolina, Pensilwaniýa, Jorjiýa, Wiskonsin we Miçigan) KHBS-de we sosial ulgamlarda mahabata gönükdirildi. Mysal üçin, Pensilwaniýada dalaşgärleriň ikisi-de bu maksatlar üçin 400 mln dollardan gowrak serişde sarp etdiler (deňeşdirmek üçin, galan 43 “üýtgemeýän” ştatda – 358 mln dollar). Pensilwaniýada saýlaw wekilleriniň 19 sesi bar, ýeňiş gazanmak üçin bolsa 270 ses gerek.
Çykdajylaryň ýene bir esasy bölegini administratiw we operasion çykdajylar düzýär, Harris bu maksatlar üçin 250 mln dollar, Tramp 210 mln dollar sarp etdi.
Open Secrets täjirçilik däl guramasynyň hasaplamalaryna görä, 2024-nji ýylda Prezident, senatorlar we kongressmenler saýlawlary boýunça kampaniýalara jemi 15,9 mlrd dollar, 2020-nji ýylda 15,1 mlrd dollar sarp edildi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......