Samsung 2025-nji ýylda çykarjak enjamlaryny mälim etdi

  • 06.11.2024 10:45
  • 8.3k+

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Samsung 2025-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän enjamlarynyň sanawyny mälim etdi. Bu barada 9to5Google habar berýär. 

Ýylyň başynda kompaniýa “Galaxy AI” emeli aň gurallary üçin güýçlendirilen goldaw bilen üpjün edilen flagman “Galaxy S25” smartfonlar tapgyryny hödürlär.
Mundan başga-da, Samsung ulanyjylara girmekdäki päsgelçilikleri azaltmak maksady bilen, arzan bahaly eplenýän enjam döretmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa çeýe displeýler we beýleki bölekler üçin çykdajy meselelerini çözmegi talap edýär.
Şeýle hem kompaniýa Apple Vision Pro garyşyk hakykat äýnegine meňzeýän XR (eXtended Reality) enjamynyň hem sanawda bardygyny mälim etdi. Täze gadjet “Samsung Ring” ýaly beýleki Samsung önümleri bilen birleşdiriler diýip, lenta.ru ýazýar.
Ondan öň ETNews çeşmeleri Samsung-yň iPhone bilen bäsleşmek üçin rekord derejede inçe flagman smartfonyny çykarmak meýilnamasy barada habar berdiler.


23.03.2026 00:03
5.5k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.8k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...