Apple iPhone-da wideo görmek üçin arzan äýnek çykarmagy meýilleşdirýär

  • 06.11.2024 10:23
  • 2k+

Apple wideo görmek üçin arzan bahadan äýnekleri çykaryp biler. Kompaniýa iPhone-a birikdirilýän enjamy döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Bloomberg-iň analitigi Mark Gurmana salgylanyp, MacRumors habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, hasaplaýyş bölegi iPhone-a geçirilip, garnituranyň özi film görmek üçin aksessuar hökmünde ulanylyp bilner.
Gurman: “Bu äýnek, Xreal ýaly kompaniýalaryň hödürleýän äýnegine birneme meňzeýär. Apple-iň artykmaçlygy, enjamyň iPhone-y önüm ekosistemasynyň merkezi hökmünde güýçlendirmegi we 3500 dollarlyk Vision Pro-dan has amatly görnüşini hödürläp bilmegindedir".
Mundan başga-da, žurnalist Apple-iň Vision Pro üçin çipi täzelemegi meýilleşdirýändigini aýtdy, ýöne onuň wagty belli däl. Beýleki insaýderiň aýtmagyna görä, Ming-Çi Kuo Apple üpjünçilik zynjyrynyň analitikasy, entek anons edilmedik M5 çipli täzelenen Vision Pro garniturasy 2025-nji ýylda hödürlener.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...