Rafinýa “Kopa baýragyny” almagy mynasybetli Lamin Ýamala altyn iPhone sowgat etdi

  • 05.11.2024 16:47
  • 13k+

“Barselonanyň” hüjümçi ýarymgoragçysy Rafinýa 17 ýaşly Lamin Ýamala “Kopa baýragyny” (2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça 21 ýaşa çenli iň gowy futbolça berilýän baýrak) alandan soň täze altyn iPhone sowgat etdi.

Sosial ulgamlardaky wideosynda Ýamal täze gajetiň korpusynyň merkezinde 19-lyk belginiň we Lamine Yamal ýazgysynyň ýazylandygyny, burçda bolsa “Barselonanyň” logotipiniň ýerleşdirilendigini görkezdi.
Telefon futbol ýyldyzlary üçin lýuks aksessuarlary taýýarlamak bilen belli bolan “I Design Gold” kompaniýasy arkaly sargyt esasynda döredildi. Lionel Messi hem 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyndaky ýeňişden soň Argentinanyň milli ýygyndysyna şeýle sowgat beripdi.
Ýatlap geçsek, Ýamal 2023-nji ýylyň iýul aýynda “Barselonanyň” düzümine goşuldy. Ýakynda geçirilen 2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda ol bu baýrak üçin ses berişlikde sekizinji orny eýeledi. Ýamal “Altyn top” baýragynyň ilkinji onlugyna giren iň ýaş oýunçy boldy.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......