Apple M6 çipli we düýpgöter täze dizaýnly MacBook Pro-ny taýýarlaýar. Ol 2026-njy ýylda çykar

  • 04.11.2024 21:50
  • 1.6k+

Bloomberg-iň abraýly insaýderi Mark Gurmanyň berýän täze maglumatlaryna görä, Apple düýbünden täze dizaýnly MacBook Pro çykarmagy meýilleşdirýär, ýöne ol 2026-njy ýyldan bärde çykmaz.

Kompaniýa 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça öndürilen, has inçe korpusa, OLED displeýine we M6, M6 Pro we M6 Max prosessorlaryna geçmegi meýilleşdirýär.
Bu MacBook Pro-lar öndürijiligi we dizaýny boýunça M4 çipli soňky çykan iPad Pros-a meňzeýär. Şeýle-de bolsa, Gurmanyň berýän maglumatyna görä, önümçilikdäki kynçylyklar sebäpli 2025-nji ýylda leptoplaryň täzelenen modellerini hödürlemek baradaky asylky meýilnama bir ýyl yza süýşürildi.
2025-nji ýylyň güýzünde hödürlenjek M5 çipli indiki MacBook Pro täze çipden başga düýpli üýtgeşmeleri almasa gerek. M5 prosessorlary 3-nm tehnologiýasy prosessi boýunça öndüriler we öndürijiliginde häzirki M4-den düýpli tapawutlanmaz.
Apple ozal täzelenen Mac mini-ni we iMac-y çykarýandygyny yglan edendigini ýatladýarys. Şeýle hem Bloomberg “kupertinaçylaryň” 2025-nji ýylyň ýazynda M5 çipli MacBook Air-ny, tomusda bolsa Mac Studio bilen Mac Pro-ny hödürlemegi meýilleşdirýändigini habar berdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...